Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» bilen Müsüre uçuň we köp mil toplaň

10:1325.03.2025
0
12561

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Miles & Smiles» loýallyk programmasyna gatnaşyjylar üçin täze aksiýany yglan etdi. Bu aksiýa laýyklykda, olar Müsüre uçuşy amala aşyran ýagdaýlarynda 50% köp statusly mil gazanyp bilerler.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Müsüre amala aşyrýan howa gatnawlaryna 2025-nji ýylyň 17-nji martyndan — 30-njy martyna çenli awiapetek alýan ýolagçylar 50% köp statusly mil toplap bilýärler. Aksiýa bolsa 2025-nji ýylyň 17-nji martyndan — 18-nji maýyna çenli aralykda boljak howa gatnawlaryna degişlidir.

Aksiýanyň şertleri:

Bu aksiýadan Kairden, Şarm-el-Şeýhden, Aleksandriýadan, Hurgadadan biznes-klass we ekonom-klass derejelerinde birtaraplaýyn we ikitaraplaýyn uçýan ýolagçylar, şeýle hem beýleki ýurtlardan Kaire, Şarm-el-Şeýhe, Aleksandriýa, Hurgada barýan ýolagçylar peýdalanyp bilýärler.

Goşmaça statusly miller gatnaşyjynyň hasabyna uçuşdan soň, bir hepdäniň dowamynda geçiriler.

Aksiýa premial awiapeteklere, kodşering gatnawlaryna, «Star Alliance» hyzmatdaş-awiakompaniýalaryň gatnawlaryna hem-de «AnadoluJet» gatnawlaryna degişli däldir.

Korporatiw, toparlaýyn, şahsylaşdyrylan we hususy ýolagçy awiapetekleri hem aksiýa girmeýär.

Mil gazanmak üçin uçuşy bron edeniňizde ýa-da uçuşdan öň uçuşyňyzy «Miles & Smiles» hasabyna girizmeli.

Awiapeteklere girizilen islendik üýtgetmeler aksiýadan aýrylmagyňyza sebäp bolup biler.

Aksiýa boýunça awiapetekleri sorag-jogap gullugyndan, onlaýn-kanallardan, agentliklerden hem-de «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň satuw bölümlerinden alyp bilersiňiz.

Möhüm maglumat:

Aksiýanyň şertlerine laýyk gelmeýän, ýöne şoňa laýyklykda gaýtadan resmileşdirilen petekler hasaba alynmaýar.

Aksiýanyň çäklerinde hukuklar başga birine geçirilmeýär we awiakompaniýanyň beýleki aksiýalary bilen birleşdirilip bilinmeýar.

Bu özboluşly amatly teklipden peýdalanmak isleýänler «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilerler: G.Kulyýew köçesiniň 39-njy jaýy, «Ussat» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň