«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy Moskwada geçirilen plastmassalaryň we kauçuk önümleriniň «RUPLASTICA» ýöriteleşdirilen halkara sergisine gatnaşdy. Bu iri çärede kompaniýa «Rowachpack» haryt nyşanly önümlerini giň köpçülige tanyşdyrdy.
Ýokary hilli polipropilen gaplaýyş önümlerini öndürmäge ýöriteleşen «Rowachlan Galkynysh» HK önümleriniň giň assortimentini hödürledi. Kärhananyň gaplarynyň hatarynda azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenen polipropilen haltalar, özbaşdak sargytlar boýunça haltalary tikmek üçin rulonlar, şeýle hem big-beg haltalary bar.
«Rowachpack» polipropilen gaplary daşamasy we saklamasy kyn bolan şertlerde hem önümleriň ygtybarly saklanmagyny üpjün edýär. Bu gaplaryň materialynyň tapawutly aýratynlygy ekologik taýdan arassalygydyr — ol zyýanly maddalary bölüp çykarmaýar we gaýtadan işlemek üçin hem amatlydyr.
Adaty önümlerinden başga-da, «Rowachlan Galkynysh» HK müşderileriň ýörite talaplaryny göz öňünde tutup, özbaşdak sargytlar boýunça ýumşak polipropilen gaplary öndürmek hyzmatlaryny hödürleýär.
Önümler we öndüriji bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumat almak üçin «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy bilen (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýa-da rowachpack@gmail.com elektron poçtasyna ýüztutmalaryňyzy ýollap bilersiňiz.