Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Ýerde ahyrzaman boljak ýyly agzadylar

15:1924.03.2025
0
38982
Alymlar Ýerde ahyrzaman boljak ýyly agzadylar
Surat: Rambler.ru

Ýaponiýanyň Toho uniwersitetiniň we ABŞ-nyň NASA kosmos edarasynyň alymlar topary Ýerde ähli janly-jandarlaryň ýok boljak ýylyny takmynan çakladylar diýip, «Rambler.ru» ýazýar.

Alymlaryň pikirine görä, Gün wagtyň geçmegi bilen ulalar we has köp ýylylyk bölüp çykarar. Bu bolsa planetamyzda özgerişliklere getirer. Howanyň derejesi ýokarlanyp, kislorod azalar. Netijede, alymlar Ýerde öňüni alyp bolmajak özgerişlikleriň ýylyny kesgitlediler. Olaryň maglumatlaryna laýyklykda, bu 1 000 002 021-nji ýylda bolar.

Hünärmenler munuň öňüni tehniki ösüşiň alyp biljekdigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň