Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary 27-nji marta çenli Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler

11:0424.03.2025
0
41404

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr we magistr derejeleri boýunça Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýurdumyzyň raýatlaryny kabul etmek boýunça resminamalary kabul etmek işi tamamlanýar. Resminamalar 2025-nji ýylyň 27-nji martyna çenli Aşgabatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, okuwa girmek üçin ýurdumyzyň umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimi bolan raýatlary dalaşgär hökmünde gatnaşyp bilerler. Okuw dalaşgärleri saýlap almak boýunça söhbetdeşlik 2025-nji ýylyň 1-2-nji aprelinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Okuw girmek üçin dalaşgärler bellenen nusgadaky arza, anketalar, soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama, şeýle hem bilim hakyndaky resminamalarynyň asyl nusgalary we olaryň iňlis, fransuz ýa-da rumyn dillerine terjime edilip tassyklanan göçürme nusgalary ýaly resminamalaryň giň toplumyny getirip bermeli.

Bakalawr derejesini almak üçin okuwa girýänleriň arasynda SAT, TOEFL ýa-da IELTS akademiki baha beriş şahadatnamalaryna eýe bolan dalaşgärler we magistr derejesini almak üçin okuwa girýänleriň arasynda GMAT ýa-da GRE şahadatnamalaryna eýe bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanjakdyklary bellenilýär. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda döwlet dersi boýunça olimpiadalaryň ýeňijileri we halkara olimpiadalara we bäsleşiklere gatnaşyjylar artykmaçlyga eýe boljakdyrlar.

Goşmaça artykmaçlyk rumyn dili okuwynyň gutarandygyny tassyklaýan şahadatnamanyň bolmagydyr. Şeýle hem dalaşgärler saglyk barada bellenilen görnüşdäki lukmançylyk kepilnamasyny we beýleki şahsy resminamalary getirip bermeli bolarlar.

Hünär ugurlaryň sanawy, ýokary hünär bilim maksatnamalaryndaky orunlaryň sany we okuwyň şertleri baradaky maglumatlar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş iş topary tarapyndan telefon arkaly berilýär: (+993 12) 39 85 62, 39 85 25 ýa-da elektron poçta arkaly: mailto:admissioniuhd@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň