Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň peteklerini alty aý öňünden satyn alyp bolar

17:3422.02.2023
0
61709

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart, aprel, maý, iýun, iýul, awgust, sentýabr we oktýabr aýlary üçin Aşgabatdan halkara ugurlaryna awiopetekleri onlaýn satyp başlady.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň onlaýn satuw web sahypasy arkaly halkara uçuşlar üçin awiopetekleri satyn alanyňyzda 2,5% arzanladyş üpjün edilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Bu ugurlara «Boeing» uçarlary hyzmat edýär.

2023-nji ýylyň 22-nji fewralyna görä bahalar

Nyrhlar diňe bir ugur üçin görkezilendir.

Uçuş tertibi barada has giňişleýin maglumaty we petekleri awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmadan alyp bilersiňiz.

Programmada petegi satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron petekleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap, «Altyn Asyr» bank karty bilen töleg geçirip biler. Raýatlar ulgama pasportdaky maglumatlary girizmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň