Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn asyr” paýtagt derbisinde ýeňiş gazanyp, öňdebaryjylygyny berkitdi

16:4101.07.2015
0
5798

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňde barýan “Altyn asyr” 16-njy tapgyrda paýtagt derbisinde 1:0 hasabynda “Aşgabatdan” üstün çykyp, esasy garşydaşlaryndan 10 utuk ara açdy.

Bu duşuşyk iki topar üçinem uly ähmiýete eýedi. Bassyr iki duşuşykda ýeňiş gazanan “Aşgabat” üçünji orunda barýardy we üstünlik gazanan ýagdaýynda, has uly mümkinçiliklere ýol açylýardy. Türkmenistanyň häzirki çempiony “Altyn asyr” hem esasy garşydaşlarynyň birine garşy oýunda utuk ýitiresi gelenokdy we olardan arany açmaga synanýardy.

“Şäherliler” bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary düzümde düýpli kynçylyklara sezewar boldy. Artyk alnan sary petekler sebäpli toparyň hem milli ýygyndynyň kapitany Ahmet Ataýew we netijeli hüjümçileriň bäsleşiginde ikinji orunda barýan Süleýman Muhadow oýny sypdyrýardylar. Bu iki tejribeli futbolçynyň ýoklugy gürrüňsiz, ýer eýeleriniň hüjüm mümkinçiliklerine  öz täsirini ýetirdi. Netijede hiç topara-da birinji ýarymda hasaby açmak başartmady.

Arakesmeden soň, myhmanlara hasaby açmaga amatly pursat döredi. Ýöne pökginiň nämüçindir derwezä giresi gelmedi. Futbolda köplenç bolşy ýaly, “sen geçirmeseň, saňa geçirýärler”. “Altyn asyryň” oýunçysy Umytjan Astanow bu hakykaty nobatdaky gezek subut etdi. Ol 77-nji minutda 25 metr aralykdan ýerine ýetiren urgusy bilen derwezeçi Sergeý Kuznesowa pökgini derwezeden çykarmaga mejbur etdi — 1:0.

Bu duşuşygyň abatlaýyş işleri geçirilen “Köpetdag” stadionynda bolan ilkinji duşuşykdygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň ýygyndysynyň 8-nji sentýabrda dünýä çempionaty — 2018-iň Guamyň toparyna garşy boljak duşuşygynyň hem şu stadionda geçirilmegine garaşylýar.

Öňdebaryjynyň esasy bäsdeşi “Balkan” myhmançylykda “Ahaldan” ýeňlip (3:1), bassyr ikinji gezek ýeňildi. 20-nji iýunda bu toparlaryň arasynda birinji aýlawyň soňa süýşürilen oýnunda “Balkan” öz meýdançasynda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesini 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Indi bolsa “Ahal” doly haklaşdy. Guwançmuhammet Öwekowyň toparynda bassyr ikinji duşuşygynda iki pökgi geçirýän Altymyrat Annadurdyýewiň hüjümdäki ynamly oýny özüne çekýär.

Zehinli hüjümçi geçen tapgyrda HTTU-nyň derwezesinden iki pökgi geçiripdi. Ine, bu gezek bolsa ol “Balkanyň” derwezeçisiniň iki ýola lapyny keç edip, çempionatdaky 11-nji goly öz adyna ýazdyrdy. Iki ýeňişden soň, “Ahal” ikinji orunda barýan “Balkan” bilen utuk sany boýunça deňleşdi. Geçen ýyl çempionatyň bürünç medalyny gazanan “Şagadam” şowsuzlyklaryň girdabyndan çykyp bilenok. Deňiz ýakasyndan bolan futbolçylar soňky dört duşuşygynda üçünji gezek ýeňildiler. Amanmyrat Meredowyň şägirtleri 16-njy tapgyrda 1:2 hasabynda HTTU-dan asgyn geldiler.

Bu tapgyrda “Hazyna” “Merwi” ýeňdi — 2:1. Baýramalyda “Energetik” “Daşoguzdan” 2:0 hasabynda üstün çykdy. Pökgüleri Artýan Nikitenko bilen Kerim Hojaberdiýew geçirdiler.

Nobatdaky 17-nji tapgyryň oýunlary 4-nji iýulda geçiriler. Şol gün HTTU — “Merw”, “Energetik” — “Hazyna”, “Daşoguz” — “Altyn asyr”, “Aşgabat” — “Ahal”, “Balkan” — “Şagadam” duşuşar.  

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşyklaryň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Hazyna" – "Merw" – 2:1 (2:1)

30-njy iýun. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň stadiony. 50 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Guwanç Abylow 34, 45+1 – Azat Orazmuhammedow 10.

Duýduryş alanlar: Gurbanguly Aşyrow 51, Kemal Gurbanow 75, Kakageldi Kabaýew 88, Yhlas Saparmämmedow 89 – Amangeldi Saparow 69.

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Константин Григорьянц.

 

"Altyn asyr" – "Aşgabat" – 1:0 (0:0)

30-njy iýun. Aşgabat. "Köpetdag". 200 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Umyt Astanow 77.

Duýduryş alanlar: Myrat Annaýew 45+1, Serdar Geldiýew 59, Selim Nurmyradow 82 – Alik Haýdarow 44.

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Çaryýar Ataýew.

 

"Şagadam" – HTTU – 1:2 (1:1)

30-njy iýun. Türkmenbaşy. "Şagadamyň" stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Hemra Amanmämmedow 36 (11 metrlik urgudan) – Pirmyrat Soltanow 45+1, Muhammet Astanow  47.

Duýduryş alanlar: Ýewgeniý Tkaçenko 22, Ýunus Orazmämmedow 68 – Furkat Tursunow 34, Hojageldi Hojowow 90+2.

Oýundan çykarylan: Ýakup Ekezow (HTTU-nyň adminstratory) 90+3 (emine paýyş söz aýdanlygy sebäpli).  

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew.

 

"Ahal" – "Balkan" – 3:1 (2:0)

30-njy iýun. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Myrat Hamraýew 22, Altymyrat Annadurdyýew 39, 61 – Begenç Annagurbanow 52.

Duýduryş alanlar: Orazmuhammet Işangulyýew 66, Annasähet Annasähedow 81 – Güýçmyrat Annagulyýew 67, Daýanç Orazgulyýew 80.

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

 

"Energetik" – "Daşoguz" – 2:0 (2:0)

30-njy iýun. Baýramaly. "Sport desgasy". 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Artýom Nikitenko 11, Kerim Hojaberdiýew 42.

Duýduryş alanlar: Esen Ýazmedow 45+1 – Hudaýguly Satyýew 45, Yhlas Allabergenow 63, Yzzat Hudaýbergenow 69, Döwran Seýdiýew 81.

Oýundan çykarylan: Hudaýguly Satyýew («Daşoguz») 90 (2 sary petek).

Emin: Babanazar Haknazarow.

Duşuşygyň inspektory: Rubik Danelýan.

 

16-njy tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) — 18 pökgi (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 16.

Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 12 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň