Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada iň köp neşir edilýän ýazyjylar belli boldy

12:1218.02.2023
0
24030
Russiýada iň köp neşir edilýän ýazyjylar belli boldy
Surat: pikabu.ru

Russiýada 2022-nji ýylda çeper eserler segmentinde kitaplary iň köp neşir edilen ýazyjy amerikaly Stiwen Kingdir, onuň eserleriniň umumy tiražy 1,3 million nusgalyga ýetdi diýip, Russiýanyň Kitap palatasyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Çeper edebiýat eserleriniň sanawynda ikinji orny Fýodor Dostoýewskiý eýeledi, onuň eserleri 916 müň nusgalykda neşir edilipdir. Ilkinji üçlügi iňlis ýazyjysy Agata Kristi eýeledi (848 müň nusgalyk).

Çagalar edebiýaty ugrunda iň köp neşir edilen ýazyjy Korneý Çukowskiý boldy, onuň eserleri geçen ýyl 898 müň nusgalykda çap edildi, ikinji orunda britan ýazyjy zenany Holli Webb (753 müň), üçünji orunda Joan Rouling (752 müň) ýerleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň