Soňky habarlar

Arhiw

«Nýukasl» 47 ýyldan soňra ýene finala çykdy

10:5601.02.2023
0
23017

«Nýukasl» Angliýanyň Liga kubogynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda hem «Sauntgemptony» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň finalyna çykdy. Bu toparlaryň arasyndaky ýarym finalyň deslapky oýny hem 1:0 hasabynda «Nýukaslyň» peýdasyna tamamlanypdy.

Şeýlelikde, «Nýukasl» soňky 47 ýylyň içinde birinji, özüniň umumy taryhynda bolsa ikinji gezek bu ýaryşyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Topar mundan ozal 1976-njy ýylda finala çykyp, şol oýunda «Mançester Sitiden» 2:1 hasabynda ýeňlipdi. «Nýukaslyň» bu ýylky finaldaky garşydaşy bolsa «Nottingem Forest» — «Mançester Ýunaýted» jübütiniň (deslapky oýun 0:3) ýeňijisi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň