Soňky habarlar

Arhiw

GAR-da fermerler elektrik togunyň yzygiderli öçürilmeginden ýitgi çekýärler

17:4624.01.2023
0
35268
GAR-da fermerler elektrik togunyň yzygiderli öçürilmeginden ýitgi çekýärler
Surat: smesouthafrica.co.za

Elektrik togunyň dowamly öçmegi netijesinde Günorta Afrika Respublikasynyň fermerleri uly zyýan çekýärler. Häzir Afrikanyň bu iň senagatlaşdyrylan ýurdunyň ilaty elektrik togundan gije-gündizde 10 sagada çenli kesilýär. Netijede, ýurduň iri guşçulyk toplumlarynyň birinde 50 müň jüýje öldi.

Fermerleriň aýtmagyna görä, olar guşlary her gün ýitirýärler. Ýagdaý azyk önümleriniň nyrhynyň gymmatlamagyna hem-de harytlaryň ýetmezçiligine getirer diýip, ätiýaçlanýarlar.

Mysal üçin, ýurtda işleýän tiz tagam nokatlarynyň biri KFC özüniň käbir garbanyşhanalaryny üpjünçilikdäki bökdençlikler sebäpli wagtlaýyn ýapýandygyny habar berdi.

Döwlet elektrik energetikasy kompaniýasy toguň öçmegini azaltjakdygyny habar berdi. Ýeri gelende aýtsak, toguň öçmegi geçen ýylyň martyndan bäri kömürde işleýän ÝES-lerdäki enjamlaryň könelendigi bilen baglylykda dowam edýär. Bu barada «Habar 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň