Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň parlament wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar

22:2617.01.2023
0
36797

Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň parlament wekiliýetiniň Tükrmenistanda saparda bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Döwlet Dumasynyň 2023-nji ýylyň bahar möwsümindäki plenar mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

Döwlet Dumasynyň Başlygy Wolodin mejlisde eden çykyşynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hem orun berdi. Ol öz çykyşynda parlametnara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagallalaryň edilýändigini belläp, öňde duraýn köp sanly saparlar barada durup geçdi.

Hususan-da, Wolodin şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli Döwlet Dumasynyň parlament wekiliýetiniň Türkmenistana we Eýrana resmi saparlarynyň amala aşyryljakdygyny belledi.

Şeýle hem Wolodin fewral aýynda Russiýanyň we Belarusyň Parlament Ýygnagynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisiniň geçiriljekdigini we Kuba döwletine iş saparynyň guraljakdygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, Wolodin mart aýynda “Russiýa-Afrika” halkara parlament forumynyň gurnaldygyny, aprel aýynda Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň we Pakistanyň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygy we howpsuzlygy boýunça maslahatyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Wolodin Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen Baku şäherinde Hazarýaka döwletleriniň parlament maslahatyny geçirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda saparda bolup, iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine degişli köp sanly gepleşikleri geçiripdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň