Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aktýor Jek Nikolson ýalňyz ýaşaýşy bilen dost-ýarlaryny gorkuzýar

11:0514.01.2023
0
34935
Aktýor Jek Nikolson ýalňyz ýaşaýşy bilen dost-ýarlaryny gorkuzýar
Surat: google.com

Aktýor Jek Nikolsonyň dostlarydyr ýakynlary onuň terkidünýä ýaşaýşyndan biynjalyk bolýandyklaryny aýdýarlar. 85 ýaşly goja aktýor indi asla köpçülikde görünmeýär we öýünden seýrek çykýar diýip, «RadarOnline» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Nikolson şeýle-de dogan-garyndaşlary bilen seýrek görüşýär, şonuň üçin olar aktýoryň öz dosty Marlon Brando ýaly ýalňyzlykda durmuşy terk ederinden gorkýarlar. 2021-nji ýylda Jek Nikolsonyň demensiýadan ejir çekýändigi, oňa ogludyr gyzynyň gözegçilik edýändigi barada myş-myşlar peýda boldy. «Еxpress» neşiri bu babatda: «Aktýoryň fiziki ýagdaýy oňat, emma ony diňe akyl-huşy köseýär» diýip ýazdy.

Ýeri gelende aýtsak, Jek Nikolson 3 gezek «Oskar» baýragyny aldy. Ol kinodaky 60 ýyllyk zähmet ýolunda ençeme nusgalyk filmde surata düşdi, olaryň arasynda «Dänenler», «Betmen», «Ikatýogyň höwürtgesiniň üstünden uçup», «Nur» ýaly ajaýyp filmler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň