«Barselona» «Atletikony» utup, «Realdan» üç utuk öňe geçdi

08:0009.01.2023
0
14672

Ispaniýanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň merkezi oýnunda «Barselona» minimal hasapda «Atletikodan» üstün çykdy. Myhmançylykda çykyş eden «Barselona» ýeňiş getiren ýeke-täk gol 22-nji minutda Usman Dembeleniň adyna ýazyldy. Bu duşuşyk «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda janköýerlere ýetirildi.

Gazanylan möhüm ýeňişden soňra Hawiden tälim alýan «Barselona» «Realdan» üç utuk öňe saýlanyp, ýaryş jedwelinde ýeke-täk lidere öwrüldi.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Real» 16-njy tapgyrda «Wilýarrealdan» 2:1 hasabynda ýeňlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň