Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti täze ministrleri belledi

16:3805.01.2023
0
26538
Gazagystanyň Prezidenti täze ministrleri belledi
Surat: akorda.kz

Gazagystanda Ekologiýa we tebigy serişdeler, Magaryf, Senagat we infrastruktura ösüşi, şeýle hem Medeniýet we sport ministrliklerine täze ýolbaşçylar bellendi. «Report.az» neşiriniň ýazmagyna görä, ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu barada degişli Permanlara gol çekdi.

Ekologiýa we tebigy serişdeler ministri wezipesine Zulfiýa Suleýmenowa, magaryf ministri wezipesine Gani Beýsembaýew, senagat we infrastruktura ösüşi ministri wezipesine Marat Karabaýew, medeniýet we sport ministri wezipesine Ashat Oralow bellendi.

Tokaýew şeýle-de Galymžan Koýşybaýewi premýer-ministriň orunbasary — hökümetiň diwanynyň ýolbaşçysy wezipesine belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň