Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Ýaponiýada parlamentara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

21:4323.12.2022
0
17947
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Ýaponiýada parlamentara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Ýaponiýanyň Parlamentinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Parlamentara Assambleýasynyň başlygy Taro Aso bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklar Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ugurlarynyň biridigi, Parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň işjeň parlamentara hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurnaguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde indiki ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Parlamentara Forumyny Aşgabatda geçirmek hakyndaky öňe süren başlangyjynyň wajyp ähmiýeti nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow häzirki wagtda Ýaponiýada iş saparynda bolýar. Onuň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda eýýäm birnäçe işewürlik duşuşyklaryny geçirdi we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji bilelikdäki mejlisine gatnaşdy.

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy daşary işler ministrleriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatyndaky 9-njy mejlisine gatnaşar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň