Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşdylar

21:2423.12.2022
0
18644
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşdylar
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, şu gün daşary işler ministrleriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatyndaky 9-njy duşuşygyna gatnaşmak üçin Tokio şäherine gelen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida bilen duşuşdylar.

Gepleşiklerde Türkmenistana wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow wekilçilik etdi.

Duşuşykda taraplar Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygy we özara bähbitli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak baradaky umumy meýliň we ygrarlylygyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegi üçin berk esas boljakdygy nygtaldy.

Daşary işler ministrleriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatyndaky duşuşygy 24-nji dekabrda Tokioda geçiriler. Duşuşyk Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýosimaşi Haýaşiniň ýolbaşçylygynda «Iikura» kabul ediş Öýünde geçiriler.

Duşuşykda Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň baş diplomatlary sebitdäki durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, Owganystandaky ýagdaý we halkara gün tertibindäki beýleki meseleler hakynda pikir alşarlar.

Forumyň çäginde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende bellesek, daşary işler ministrleri soňky gezek 2019-njy ýylyň maý aýynda Täjigistanda duşuşypdylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň