Türkmen-ýapon komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi

23:0022.12.2022
0
24629

Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bu forumyň işine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa bardy.

22-nji dekabrda geçirilen mejlisiň başynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda soňky birnäçe ýylda gaz himiýasy we elektrik energiýasy pudaklaryndaky iri desgalaryň Türkmenistanda gurlup ulanylmaga berlendigi nygtaldy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ulag, elektroenergetika, senagat, suw hojalygy, maliýe we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi barada bellenilip geçildi. Mundan başga-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berildi.

Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen himiýa-gaz senagaty, ulag, suw hojalygy ýaly ugurlar boýunça ýapon kompaniýalarynyň arasynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň