Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Tokioda Ýaponiýanyň sanly özgertmeler ministri Taro Kono bilen Ýaponiýanyň sanlylaşdyrmak ulgamyndaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda türkmen tarapy saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça ýapon hünärmenleri bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.
Ozal Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokioda birnäçe işewürlik ýygnagyny geçirendigini, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon Komitetiniň 14-nji bilelikdäki mejlisine gatnaşandygyny habar beripdik.