Arhiw

Kopengagende Türkmenistanyň saglyk güni bellenildi

22:4209.06.2015
0
1262

4-nji iýunda Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň  saglyk  güni bellenip geçildi.

Bu çäräniň geçirilmeginiň düýp maksady Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hilini ýokarlandyrmaklyga, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyndaky zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin syýasy hem-de tehniki meseleler boýunça maslahatlary  gurnamaklyga  we ylalaşyklary gazanmaklyga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň saglyk gününiň bellenilmegi  mynasybetli geçirilen maslahat  aýratyn alnan ugurlar boýunça ýurt möçberinde kabul edilen maksatnamalaryň has çuňňur öwrenilmegine mümkinçilik döretdi. 

Maslahatda esasy ugurlarda:

  • ulgamlaýyn gözegçilikleri geçirmek arkaly edaranyň işiniň we hyzmatdaşlyk hakynda ikiýyllyk ylalaşygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň hilini has-da ýokarlandyrmak;
  • ýurt möçberinde kabul edilen möhüm maksatnamalaryň netijeliligi hem-de esasy ugurlar hökmünde görkezilen ulgamlarda gazanylan üstünlikler;
  • “Saglyk—2020” maksatnamasyna laýyklykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işiniň netijeliligini we täsirliligini ýokarlandyrmak üçin toplanan bilimleriň  mundan beýläk-de işjeň ulanylmagyny gazanmak;
  • Türkmenistanyň maliýeleşdirýän taslamalarynyň durmuşa geçirilişi  we geljek üçin meýilnamalary maslahatlaşmak; 
  • özara tejribe we öňdebaryjy usullaryň alyş-çalşygyny ýola goýmaga ýardam etmek

ýaly anyk meselerleriň üstünde durlup geçildi.

 Maslahatyň  ahyrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, onuň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň