Soňky habarlar

Arhiw

Çelýabinsk Türkmenistanda sergi-söwda öýüni açmagy meýilleşdirýärler

10:3106.12.2022
0
17370
Çelýabinsk Türkmenistanda sergi-söwda öýüni açmagy meýilleşdirýärler
Surat: 1obl.ru

Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk sebitiniň ýolbaşçylary eksport-import işlerini ösdürmegiň çäginde täze sergi zallaryny açmak mümkinçiligine seredýär diýip, sebitiniň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Gluharýew aýtdy.

— Şu ýyl Daşkentde sergi zaly açyldy. Bu ýerde kärhanalar diňe bir öz önümlerini görkezmän, eýsem, işewür ýygnaklarydyr gepleşikleri hem geçirýärler. Netijeler gaty gowy. Tejribäni giňeltmegi meýilleşdirýäris. Häzirki wagtda bu mesele boýunça Eýran we Türkmenistan bilen gepleşikler alnyp barylýar – diýip, D.Gluharýew belledi. Bi barada «Interfax» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, sergi zalynda sebitiň milli we medeni aýratynlyklary, syýahatçylyk hem-de maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanşyp bolar. Sergä gatnaşýan kompaniýalara hyzmatdaşlaryny tapmakda, wideo konferensiýa görnüşindäki gepleşikleri guramak, sergi zalynda önümleri görkezmek mümkinçiligi, marketing, maglumat ugurlary boýunça goldaw beriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň