Soňky habarlar

Arhiw

Älem giňişligine çykarylan Täjigistanyň baýdagy muzeýe gowşuryldy

11:2425.11.2022
0
15759
Älem giňişligine çykarylan Täjigistanyň baýdagy muzeýe gowşuryldy
Surat: mir24.tv

Russiýanyň Gahrymany, uçarman-kosmonawt Saližan Şaripow tarapyndan kosmos giňişligine çykarylan Täjigistanyň milli baýdagy ýurduň Milli muzeýine gowşuryldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Şaripow Ýeriň töweregindäki kosmos giňişliginde iki gezek boldy we 2004-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasyna Täjigistanyň baýdagyny äkitdi.

«Men hiç wagt taryhy Watanymy unutmadym, meniň atam Täjigistanyň Ura-Týube şäherinden (häzirki Istarawşan şäheri), enem özbek Horezminden. Aňrymda täjikden başga-da rus, gyrgyz we uýgur gany aýlanýar, emma meniň ömrümiň esasy bölegi Täjigistana degişlidir, şonuň üçin atamyň hatyrasyna kosmosa Täjigistanyň baýdagyny aldym» diýip, kosmonawt baýdagyň muzeýe tabşyrylyş dabarasynda çykyş edende aýtdy.

Düýn — 24-nji noýabrda Täjigistanda Döwlet baýdagynyň güni baýram edildi. Ýaşaýjylary ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon gutlady we milli baýdagyň parahatçylygyň hem-de abadançylygyň saýasynda erkana pasyrdamagyny arzuw etdi.

Emomali Rahmon milli baýdaga hormat goýmagyň her bir täjigistanly üçin mukaddes borçdugyny nygtady. Baýramçylyk ýörişi 2 kilometre çenli uzady.

Ýeri gelende aýtsak, häzir Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň