Futzal, Naýbaşy liga: «Daşoguz» öz ýerindäki ahyrky duşuşygynda utuldy

10:4825.11.2022
0
14302

«Daşoguz» futzal topary Naýbaşy liganyň öz ýerinde geçirilen iň soňky tapgyrynda ― 22-nji tapgyrda ýaryşyň ikinji ornundaky «Deňizçiden» 1:4 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, ýerli topar daşoguzdaky duşuşyklary 18 utuk bilen bäşinji orunda tamamlady.

Utugyny 57-ä çykaran «Deňizçi» bolsa çempionlyk üçin «Köpetdag» bilen ýiti göreşi dowam etdirýär. «Deňizçileriň» indiki tapgyrdaky garşydaşy hem «Köpetdag» bolar. Ýöne toparda 23-nji tapgyryň duşuşygyna çenli garşydaşyň oýunlaryny ölçerip-dökmäge, ýeňiş gazanmagyň ýollaryny gözlemäge pursat bar. Çünki indiki duşuşyk 5-nji dekabr güni Aşgabat şäherinde geçiriler. «Daşoguz» bolsa şol gün ýaryşyň ahyrky basgançagyndaky «Milli goşun» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň