Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahaty, Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetininiň Kanunyň taslamasyna gaýtadan seretmegi teklip etdi, Aşgabatda täjik kinofilmleriniň görkezilişi guraldy

09:4525.11.2022
0
41953

1. Milli Geňeşiň Halk Maslahaty şu aýda Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklamady we degişli Kanunyň taslamasyny gaýtadan seretmek üçin parlamentiň kanun çykaryjy palatasyna gaýtaryp berdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly soraglary çözmek boýunça çäreleriň Döwlet býujetinde ýeterlik göz öňünde tutulmandygyny belledi.

2. Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde «Aşgabat» kinoteatrynda iki ýurduň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi we «Awçynyň soňky awy» atly çeper filminiň görkezilişi boldy. režissýor Muhammadrabi Ismoilowyň uly göwrümli kinofilmi Abrori Zahiriň romany esasynda suraa düşürildi we Saýod atly täjik awçynyň taryhy barada gürrüň berýär, ol suwda bir gyzy tapýar, oňa aşyk bolýar we onuň bilen öz ykbalyny baglaýar.

3. 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwdanyň umumy möçberi, nebit pudagyny hasaba almazdan, ilkinji 9 aýyň dowamynda 653 million dollara ýetip, örän ýokary ösüşe eýe boldy. Bu görkeziji geçen ýylkydan 296% ýokarydyr.

4. Türkmenistanda ýaşlar üçin «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy badalga alar, onuň çäklerinde sanly bilim ulgamy boýunça mugt okuwlar guralar. Gatnaşmak üçin 18-25 ýaş aralygyndaky dalaşgärleriň arzalary kabul edilýär.

5. Türkmenistanly kinematograflar «48 sagadyň dowamynda surata düşürmek» atly gysga göwrümli filmleriň bäsleşiginiň netijeleri boýunça baýrakly orna eýe boldular. «Iň gowy ekşn» ugry boýunça režissýor Myratgeldi Mollaýewiň «MM Production» toparynyň «Parallel dünýä» atly işi ýeňiji boldy.

6. «App Store-de» Aşgabatda taksi sargyt etmek üçin ykjam programmanyň täze nusgasy elýeterli boldy. Noýabr aýynyň ortalaryna taksi çagyrmak üçin «Onlaýn taksi» ykjam programmasyny işläp düzüjiler düýbünden täze nusgany köpçülige ýetirdiler. Ilkibaşda programma diňe «Android» platformasynda işleýän smartfonlaryň ulanyjylary üçin elýeterlidir, emma indi onuň täzelenen hyzmatlary bilen «iOS» ulgamynda işleýän enjamlary ulanyjylar hem tanşyp bilerler. Programmanyň bökdençsiz işlemegi üçin, ilki köne nusgany öçürmelidigini, soňra bolsa täzelenen nusgany ýükläp almalydygyny bellemek gerek. «Onlaýn taksi» hyzmaty gije-gündizleýin esasda işleýär, Aşgabadyň içine taksi sargyt etmek üçin – 0655 gysga belgä jaň etmek hem ýeterlikdir.

7. Dünýäniň ilkinji para-astronawtynyň ady mälim edildi, ol sprinter-paralimpiadaçy Jon Makfolldyr. Britaniýaly Jon Makfoll geljekde kosmosa uçmaga taýýarlanyljak 17 adamdan ybarat täze toparyň düzümine goşuldy. Para-astronawt 40 ýaşynda, ol 19 ýaşyndaka motoskilde geçiren heläkçiliginden soňra sag aýagynyň dyzyndan aşagyny ýitiripdir.

8. ABŞ-de doglan ekizler Lidiýa we Timoti Rijueýleri iň garry bäbekler diýlip atlandyryp bolar – olar 1992-nji ýylda, ýagny 30 ýyl mundan öň doňdurylan embrionlardan doguldylar. Bu ýaşamaga ukyply bäbekleriň dogulmagyna getiren emeli tohumlandyrma üçin embrionlaryň iň uzak wagt doňdurylan möhletidir.

9. Gurban Berdiýew «Traktoryň» ýolbaşçylaryndan özüni toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşatmagy haýyş etdi. Töwriziň futbol toparynyň resmi saýtynda Berdiýewiň: «Men Russiýa dolanmaly» diýen sözleri getirilýär. Gurban Berdiýewiň haýyşynyň «Traktoryň» ýolbaşçylar geňeşiniň ýakyn günlerde geçiriljek mejlisinde maslahatlaşyljakdygy bellenilýär. Geçen hepdede Berdiýewiň «Soçi» futbol toparynyň täze baş tälimçisi bolup biljekdigi habar berlipdi.

10. Türkmenistanyň Kubogynyň 2022-nji möwsüminiň finalistleri mälim boldy. Jemleýji oýunda «Şagadam» we «Ahal» toparlary duşuşarlar. Türkmenistanyň Kubogynyň 2022-nji möwsüminiň finaly 11-nji dekabrda geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda bu duşuşygyň aýratyn mana eýedigini bellediler, çünki «Şagadam» we «Ahal» toparlary geçen gezekki final duşuşygynda hem güýç synanyşypdylar, şonda türkmenbaşyly futbolçylar ýeňiş gazanypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň