Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 296% ýokarlandy diýip, BAE-niň daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi mälim etdi.
«2022-nji ýylda BAE bilen Türkmenistanyň arasynda nebitden daşary söwdanyň umumy möçberi haýran galdyryjy ösüşi görkezip, ilkinji 9 aýda 653 million dollara ýetdi. Munuň özi 2021-nji ýyldakydan 296% köpdür» — diýip, bin Ahmed Al Zeýudi özüniň «Twitter» sahypasynda mälim etdi.
Ondan öň BAE-niň Daşary söwda ministri «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek, söwda we maýa goýum akymlaryny ýokarlandyrmak we ileri tutulýan pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri öwrenmek baradaky umumy hyjuwy ýüze çykarandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, daşary söwda ministri Türkmen-Emirlikler söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitlenjek işewürlik maslahatynyň iki ýurduň işewür gurluşlarynyň arasynda ýakyn aragatnaşyk gurmagyna gönüden-göni goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
— Biziň işewür toparlarymyz özara söwdany we maýa goýumlary artdyrjak, bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirjek geljegi uly mümkinçilikleri öwrenmek isleýär. Iki ýurtdaky giň mümkinçilikler ykdysady gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açýar we umumy ösüş hem-de gülläp ösmek üçin täze şertler döredýär — diýip, bin Ahmed Al Zeýudi belleýär.