Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew «Traktoryň» ýolbaşçylaryndan rugsat sorady

11:3924.11.2022
0
28159

Gurban Berdiýew Eýranyň «Traktor» futbol klubynyň ýolbaşçylaryndan özüni baş tälimçi wezipesinden boşatmaklaryny haýyş etdi.

Töwriz şäheriniň klubynyň resmi saýty Gurban Berdiýewiň: «Men Russiýa dolanmaly» diýendigini ýazdy.

Klubyň ýolbaşçylary bu haýyşa öňümizdäki günlerde jogap bererler.

Gurban Berdiýewiň Russiýada ozal «Rubin» we «Rostow» toparlaryna tälim berendigini ýatladýarys. Häzir onuň hyzmatlary bilen «Soçi» futbol topary gyzyklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň