Soňky habarlar

Arhiw

Nemes lukmanlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

22:4914.11.2022
0
9971

Şu günler Germaniýanyň lukman-professorlarynyň topary Türkmenistanda iş saparynda bolup, türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýarlar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, nemes lukmanlary Aşgabatdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezinde boldular. Olar newrologiýa keselli näsaglarda we neýrohirurgiýa operasiýalarynda narkozyň aýratynlyklary boýunça ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşdylar. Şeýle-de merkeziň güýçli depginli bejeriş bölüminde ýokanç däl keselleriň düzümine girýän ýokary gan basyş keseliniň gaýraüzülmesi bolan insulty başdan geçiren näsaglary amaly bejeriş ugry boýunça degişli okuw sapaklary boldy.

Germaniýanyň Murnau şäheriniň uniwersitet klinikasynyň neýrohirurg lukmany Türkmenistanda ikinji gezek saparda bolup, şu günler ýerli lukmanlar bilen çylşyrymly neýrohirurgik operasiýalary ýerine ýetirmegiň usullary boýunça tejribe alyşýar.

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde bolýan nemes lukmanlary bolsa Türkmenistana ilkinji iş saparlaryny amala aşyrýarlar. Olar bu ýerde işleýän türkmen lukmanlary bilen şöhle anyklaýyş we angeografiýa barlag usuly boýunça, şeýle-de ortopediýa we trawmatologiýa ugurlarynyň dürli şikeslerden soňky häzirki zaman dikeldiş bejergileri boýunça tejribe alyşdylar.

Germaniýaly lukmanlar Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň belent derejelere ýetendigini belläp, halkara derejeli saglyk merkezleriniň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini, ol enjamlaryň kömegi bilen birnäçe çylşyrymly bejeriş usullaryny ýerine ýetirmek mümkinçiliginiň bardygyny aýratyn nygtaýarlar. Şeýle-de olar türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmaga zerur mümkinçilikleri döretmek we saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň