«Sada suw» tebigy miwe şirelerini satmakda superwaýzer wezipesine boş iş ornuny yglan edýär

13:1714.11.2022
0
17597

«Sada suw» hojalyk jemgyýeti önümlerini (tebigy miwe şireleri) satmak üçin gözegçi wezipesine boş iş ornuny yglan edýär.

Dalaşgäre bildirilýän talaplar:

  • Mümkin boldugyça öz şahsy ulagy bolan erkek kişi;
  • Orta ýa-da ýokary bilimli;
  • 35-45 ýaş aralygyndaky;
  • Türkmen we rus dillerini suwara bilmegi;
  • Gözegçilik işinde ýa-da şonuň ýaly başga işde iş tejribesiniň bolmagy;
  • Işjeňligi, ýygjam aragatnaşyk etmegi we guramaçylygy.

Iş tertibi we wagty 09:00-dan 18:00-a çenli bolup, aýlyk tölegi söhbetdeşlik mahalynda kesgitlenýär.

Wezipe borçlary:

  • bölek satuw nokatlary we supermarketler bilen şertnamalar baglaşmak;
  • marketpleýsleriň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek;
  • satuw agentini taýýarlamak;
  • harydy eltip bermegiň logistikasy.

Dalaşgärlik üçin arzalary şu elektron poçta salgysyna ibermek bolýar: kateri66666a@mail.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň