Soňky habarlar

Arhiw

«Sada suw» «Elle» we «Ilkent» haryt nyşanly miwe we ir-iýmiş şireleri bilen tomsuň tagamyny ýatlamagy teklip edýär

17:3020.10.2022
0
26313

Ýylyň sowuk möwsüminiň başlanmagy bilen miwe bolçulygy tamamlanýar, şonda tomusky miweleriň we ir-iýmişleriň tagamyny duýmak islegi döreýär. Munuň üçin supermarketlerde doňdurylan tomusky miweleri gözlemek gerek däl, çünki ýaňy-ýakynda açylan «Sada suw» HJ-niň miwe şireleri bar.

«Sada suwuň» «Elle» we «Ilkent» haryt nyşanly tebigy miweleriň we ir-iýmişleriň konsentratyndan dikeldilen dürli tagamly içgileri apelsiniň, şetdalynyň, erigiň, almanyň, gawunyň, ýežewikanyň, zirkiň (barbaris), garpyzyň, üzümiň, üljäniň baý tebigy tagamlaryndan lezzet almaga mümkinçilik berer. Şeýle hem «Sada suwuň» önümleriniň hatarynda «M5« we «Oba» haryt nyşanly gazlandyrylan içgiler bar.

«Elle» we «Ilkent» haryt nyşanly miwe şireleri 0,5 we 0,25 litr göwrümli aýna çüýşelere guýulýar, bu bolsa ulanmak üçin örän amatlydyr. «Sada suwuň» önümlerini Türkmenistanyň dükanlarynda we supermarketlerinde, şeýle-de onlaýn söwda platformalarynyň haryt kataloglarynda tapyp bilersiňiz. Mundan başga-da, rus sarp edijileri «Sada suwuň» miwe şireleri bilen eýýäm tanyşdylar.

«Sada suwuň» önümleri bilen has ýakyndan tanyşmak üçin (+993 12) 41 36 33 we (+993 12) 41 37 33 telefon belgilerine jaň edip ýa-da sadasuw84@mail.ru elektron poçta salgysyna hat iberip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň