Türkmenistanda tebigy dikeldilen miwe we gök önüm şirelerini hem-de gazlandyrylan içgileri öndürýän «Sada suw» hojalyk jemgyýeti daşary ýurtlara öz önümleriniň eksportyny ýola goýýar.
Elle we Ilkent şireleriniň ilkinji tapgyry ýakynda rus sarp edijilerine iberildi. Indi kompaniýa öz içgilerini Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurduna we goňşy ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.
«Sada suwuň» dürli tagamly içgileriniň hatarynda – apelsin, şetdaly, erik, alma, käşir, tropiki miweler, tokaý miweleri, pomidor, şeýle hem adaty bolmadyk, emma tagamlylygy boýunça pesde durmaýan zirk (barbaris), ýežewika, garpyz, gawun şireleri bar. «Sada suwuň» dikeldilen şireleri ähli tehnologiýa talaplaryna we howpsuzlyk ülňülerine (standartlaryna) laýyklykda, iň oňat çig maldan taýýarlanylýar. Olar Türkmenistanyň hil şahadatnamalary bilen sylaglandylar, ýakyn wagtda halkara we halallyk şahadatnamalaryny almak meýilleşdirilýär.
«Sada suwuň» önümleri bilen has ýakyndan tanyşmak üçin (+993 12) 41 36 33 we (+993 12) 41 37 33 telefon belgilerine jaň edip ýa-da sadasuw84@mail.ru elektron poçta salgysyna hat iberip bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: