Soňky habarlar

Arhiw

«Sada suw» miweli içgileri ykdysady özgertmeleriň sergisinde tanyşdyrylar

14:1319.09.2022
0
23927

Tebigy miwelerden we bakja önümlerinden taýýarlanan miweli içgileriň giň görnüşlerini öndürýän «Sada suw» hojalyk jemgyýeti 20-21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ykdysady özgertmeleriň sergisinde öz önümlerini köpçülige tanyşdyrar.

Şu günki günlerde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ykdysady we senagat önümçilik toplumynyň wekilleri Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini we täzeçilliklerini tanyşdyrmak üçin ýygnanyşýarlar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda döwlet düzümine degişli edaralar, şol sanda ylym-bilim, medeniýet, syýahatçylyk pudagynyň sergileri, şeýle-de senagatyň beýleki ugurlary bar.

«Sada suw» içgileri — bu «Elle», «Ilkent», «Oba» hem-de «M5» haryt nyşanly apelsin, mango, ülje, alma, zirk, gawun, garpyz we beýleki miweleriň gaýtadan dikeldilen tebigy şireleridir. Örän gysga wagtyň içinde, has takygy bir ýyldan-da az wagt bäri bu haryt nyşanly içgiler türkmen alyjylarynyň arasynda, esasanam, dogry iýmitlenmek ýörelgesine işjeň eýerýänleriň arasynda özboluşly meşhurlyga eýe boldy. Sebäbi «Sada suw» kärhanasynyň önümleriniň aýratynlygy olary öndürmekde diňe tebigy konsentrirlenen şireleriň ulanylýandygy bolup durýar.

«Sada suw» kärhanasynyň süýji hem-de saglyga peýdaly miweli içgileri nobatdaky geçirilýän ykdysady özgertmeleriň sergisinde hem myhmanlara we beýleki çärä gatnaşyjylara tanyş ediler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň