Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» noýabr-dekabr aýlary üçin Stambuldan Türkmenbaşa howa gatnawlary üçin awiapetekleriň satuwyna başlady, Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny açdy

10:0210.11.2022
0
23077

1. «Turkish Airlines-iň» resmi saýtynda Türkiýeden Türkmenistana we yzyna uçuşlaryň petekleriniň satuwy ýola goýuldy. Saýtda diňe Stambul – Türkmenbaşy (KRW) ugry boýunça howa gatnawlarynyň peteklerini satyn almak mümkindir. Stambuldan Türkmenbaşa petekleriň nyrhy 10,5 müň türk lirasyndan başlanýar.

2. Türkmen paýtagtynda innowasion işläp düzmeleriň «Sanly çözgüt – 2022» bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi. Onuň jemi 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Türkmentel – 2022» atly XV halkara maslahatynyň dowamynda jemlener. Şu ýylda bäsleşige gatnaşmak üçin 250-den gowrak arza berildi.

3. Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu desganyň gurluşygy indi 10 ýyl bäri türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýän «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2,5 ýylda amala aşyryldy.

4. Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň meýletinçileriniň we jogapkär hünärmenleriniň ýygnagy geçirildi. Foruma gatnaşyjylar ýurduň ähli welaýatlaryndan 19 sany meýletinçilik merkezine wekilçilik etdiler.

5. NASA-nyň Ýer obserwatoriýasynyň alymlarynyň pikirine görä, dünýädäki iň uly aýsberg bolan A-76A irde-giçde ýumrular. A-76A aýsberginiň uzynlygy 135 km, ini bolsa 26 km. Kosmosdan alnan suratlarda Antarktikanyň kenarýaka zolagyndan bölünip aýrylan köp asyrlyk buz böleginiň Dreýk aýlagyna girendigi görünýär.

6. Norwegiýanyň häzirki patyşasy Harald V-niň gyzy, norweg şagyzy Marta Luiza öz ýanýoldaşy Durek Werret bilen bilelikde bolmak üçin patyşa maşgalasynyň agzasynyň borçlaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýandygyny yglan etdi. Norwegiýanyň şagyzynyň patyşalyk borçlaryndan boýun gaçyrmagy onuň maşgala agzalary tarapyndan goldanyldy. Marta Luiza şagyzy derejesini saklar, emma onuň ýanýoldaşyna hiç hili artykmaçlyk berilmez we ol diňe patyşa maşgalasynyň agzasy hasaplanar.

7. Halkara tennis federasiýasy ITF Türkmenistana ygtyýarly okuw merkezi bolmaga resmi taýdan ygtyýar berdi. Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggertiniň we ITF-iň ýerine ýetiriji direktory Luka Santiliniň gol çeken degişli şahadatnamasy şu gün Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna (TTF) gelip gowuşdy.Resminama Halkara tennis federasiýasy bilen ylalaşyp, her ýyl tälimçiler üçin okuwlary guramaga, milli tälimçileri hünär synagyndan geçirmäge we degişli şahadatnama bermäge hem-de resminamalarda ITF logotipini ulanmaga hukuk berýär.

8. Türkmenistanyň topary 15-17-nji noýabrda Ankarada Naim Suleýmanoglunyň hatyrasyna geçiriljek halkara bäsleşigine gatnaşar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde 5 türgen, 2 tälimçi we 1 emin bar. Naim Suleýmanoglunyň hatyrasyna birinji halkara bäsleşigi 2019-njy ýylda geçirildi. Taryhdaky beýik agyr atletikaçylaryň biri bolan Naim Suleýmanoglu 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkiýede aradan çykdy.

9. Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda şort-trek işjeň ösdürilýär. Ýaş türgenler 23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly halkara gyşky sport oýunlaryna taýýarlyk görýärler. Häzirki günde ýurdumyzda bäş sany buzly meýdança guruldy, olaryň iň ulusy 10 müň tomaşaça niýetlenendir. Şort-trek hokkeý we figuralaýyn typmak bilen bir hatarda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleriniň iň meşhurlarynyň arasynda 3-lüge girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň