«Turkish Airlines»-iň Stambuldan Türkmenbaşy şäherine uçuşlarynyň petekleri web sahypasynda satuwa çykaryldy

12:0009.11.2022
0
31626

«Turkish Airlines» resmi web sahypasynda Türkiýeden Türkmenistana we yzyna gaýdyş petekleriniň satuwyny ýola goýdy.

Sahypadan diňe Stambuldan (IST) Türkmenbaşy (KRW) uçuşlary üçin petek satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda ekenom synpynyň petekleriniň köpüsi satyldy. Stambuldan Türkmenbaşy şäherine iň ýakyn uçuş üçin petek 2-nji dekabrda bolup, onuň bahasy 10,425,26 türk lirasyna deňdir. Türkmenbaşydan 2-nji dekabrdaky uçuş üçin petegiň bahasy 592 ABŞ dollaryna deň bolar.

Habar berşimiz ýaly, 2-nji noýabrdan başlap türk awiakompaniýasy iki ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny dikeltdi. Uçuş Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça hepdede iki gezek — çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýar.

«Turkish Airlines»-iň häzirki uçuş tertibi awiakompaniýanyň web sahypasynda elýeterlidir.

1933-nji ýylda döredilen «Turkish Airlines» häzirki wagtda 129 ýurtda 340 ugur boýunça gatnawlary amala aşyrýar. Onuň flotunda 388 uçar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň