«Turkish Airlines» şu gün Stambuldan (Türkiýe) Türkmenbaşy (Türkmenistan) şäherine we yzyna uçuş gatnawlaryna başlady.
Stambul howa menziliniň onlaýn tablosyna görä, uçuşlar «Airbus A321» uçarynda amala aşyrylýar.
Stambul — Türkmenbaşy —Stambuldan ugur boýunça uçuşlar hepdede iki gezek çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçuşlaryň yzygiderliliginiň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Turkish Airlines»-iň Stambuldan (Türkiýe) Türkmenbaşy (Türkmenistan) şäherine uçar gatnawlarynyň petekleriniň bahasy 397 dollar, Türkmenbaşydan Stambula petegiň bahasy 497 dollar bolar.
1933-nji ýylda döredilen «Turkish Airlines» häzirki wagtda 129 ýurtda 340 ugur boýunça gatnawlary amala aşyrýar. Onuň flotunda 388 uçar bar.
Pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň togtadylandygyny ýatladýarys. Ýurtlaryň arasynda çarter uçuşlary ýola goýuldy. «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen birlikde «Turkish Airlines» tarapyndan ýörite uçuşlar amala aşyryldy.