Soňky habarlar

Arhiw

«Türkhowaýollary» Türkmenistana yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeldýär

09:1022.10.2022
0
71829

Türkiýäniň «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy Türkmenistan ugruna adaty uçar gatnawlaryna başlaýar. Bu barada Atavatan Türkmenistan neşiri habar berdi.

Bu kompaniýa 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 2-sinden başlap, Stambul ― Türkmenbaşy ―.Stambul ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryna başlaýar. Uçar gatnawlary häzirlikçe hepde-de 2 gezek, hepdäniň çarşamba we perşembe günlerinde amala aşyrylar. Uçar gatnawlarynyň sanynyň artmagyna garaşylýar.

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň berýan maglumatyna görä, Türkmenistan ― Türkiýe ugry boýunça adaty uçar gatnawyň bahasy 497 dollardan başlaýar. Türkiyeden Turkmenistana awiabiletleriň bahasy hem 497 dollardan başlaýar. Biletleri awiakompaniýanyň Aşgabat şahamçasyndan şeýle hem Türkiýeden satyn almak mümkindir. Adaty uçar gatnawlarynda karantin gözegçiliginiň ýokdugyny hem aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň