Turkmenportal logo
09.11.22
3674636746
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaý we Abu-Dabi şäherleri syýahatçylar üçin COVID‑19 çäklendirmelerini aradan aýyrdy
 Dubaý we Abu-Dabi şäherleri syýahatçylar üçin COVID‑19 çäklendirmelerini aradan aýyrdy

Abu-Dabiniň Syýahatçylyk we medeniýet bölüminde berlen hasabata görä, 8-nji noýabrdan daşary ýurtly syýahatçylaryň, şol sanda türkmenistanlylaryň Birleşen Arap Emirliklerine barmaklary üçin ähli çäklendirmeler aradan aýryldy.


Häzir wagtda Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine barmak üçin PZR test barlagyny we sanjym alandygy baradaky resminamalary görkezmek zerurlygy aradan aýryldy. Bu barada «Atorus» elektron neşiri habar berýär.


Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy hepdäniň duşenbe we çarşenbe günleri Dubaý şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.