Turkmenportal logo
25.11.24
2631226312
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan türkmen bazaryna ýeralmanyň eksportyny 5 esse artdyrdy
Gazagystan türkmen bazaryna ýeralmanyň eksportyny 5 esse artdyrdySurat: turkmenistan.gov.tm

Gazagystan türkmen bazaryna ýeralmanyň eksportyny 5 esse artdyrdy. Has takygy, Gazagystanyň Statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistan 17,5 müň tonna gazak ýeralmasyny import edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 esse köpdür. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtdan bu oba hojalyk ekinini satyn almakda Özbegistandan (252,3 müň tonna) we Täjigistandan (34 müň tonna) soňra üçünji orny eýeläpdir.


Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Gazagystan umumy bahasy 32,7 million amerikan dollaryna deň bolan 305,4 müň tonna ýeralmany daşarky bazarlara iberipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň 8 aýy bilen deňeşdirilende, 2,6 esse ýokarydyr.