Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply telekeçileriň ýene-de ikisi eksport bazaryna goşuldy

20:5507.11.2022
0
45690

Lebap welaýatynda ýene-de döwlete degişli bolmadyk iki kärhana öz önümini daşary ýurtlara çykaryp başlady. Şeýlelikde, «Uly gap» hususy kärhanasy we «Nur plastik» hojalyk jemgyýeti eksportçylaryň hataryna goşuldylar. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Işini Türkmenabadyň himiýa zawodynyň çäginde alyp barýan kärhanalaryň ikisi hem polietilen we polipropilen haltalary öndürmek bilen meşgullanýarlar. «Uly gap» hususy kärhanasy ýylyň başyndan bäri bu önümiň 101,64 tonnasyny çykardy. Onuň 25,6 tonnasyny bolsa Moldowaly işewürler satyn aldylar. «Nur plastik» hojalyk jemgyýeti bolsa öndüren polietilen we polipropilen haltalarynyň üçden iki bölegine ýakynyny, ýagny, 171,5 tonnadan gowragyny Russiýa Federasiýasyna ugratdy. Hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda ýylyň başyndan bäri 263,2 tonna ýakyn halta öndürildi.

«Uly gap» hususy kärhanasynyň we «Nur plastik» hojalyk jemgyýetiniň daşary söwda gatnaşyklaryna goşulmagy bilen Lebap welaýatynda harytlaryny eksport edýän hususyýetçileriň sany 14-e ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň