Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meksikada 20 müň çörekden mozaika döretdiler

15:1107.11.2022
0
11188
Meksikada 20 müň çörekden mozaika döretdiler
Surat: upi.com

Meksikaly çörekçiler 20689 sany çörek tokgajyndan (buhanka) dünýäde iň uly çörek mozaikasyny ýasadylar, ol 206 metr meýdany tutdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Ýurduň Sakatlan, Puebla munisipalitetlerinden bolan nanbaýlaryň altysyndan düzülen topar dünýäde iň uly çörek bezegini döredendikleri üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Mozaikada adam ystyhanynyň (skeletiniň) däp bolup gelýän La Katrina şekili suratlandyryldy, ol Merhumlar güni dini baýramynyň nyşanydyr.

Ginnesiň rekordlar kitaby nanbaýlara bu täsinlikde ulanan çöreklerini bişirmek üçin iki hepdäniň gerek bolandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň