Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: 18-nji tapgyrda «Köpetdagy» ýeňen «Altyn asyr» utulyşsyz tapgyryny 9 duşuşyga çykardy

23:5505.11.2022
0
12059

Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň jemleýji oýun gününde «Altyn Asyr» «Köpetdagy» kabul etdi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda netijeli oýnan Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän «Altyn Asyr» topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 41 utugy bilen ýaryş tertibinde ikinji orny eýelemegini dowam edýär. 28 utugy bolan «Köpetdag» dördünji orunda galdy diýip, TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

«Altyn Asyr» – «Köpetdag» – 1:0

Gol: 54 (11 m.j.u.) Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr»)

Duýduryşlar: 71 Rahman Myratberdiýew («Altyn Asyr») – 28 Serdarmyrat Baýramow, 52 Şazada Bäşimow, 67 Bagtyýar Gürgenow, 90+4 Begenç Akmämmedow («Köpetdag»)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň