Türkmen maldarlary mikroorganizm esasly «Nourivit» goşundylarynyň peýdasyna göz ýetirdiler

09:5804.11.2022
0
25305

Awstriýanyň «Nourivit» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy mikroorganizmlere esaslanýan «Nourivit Plus», «Nourivit FKE» we «Nourivit Silage» ýaly özboluşly biologik goşundylary hödürleýär.

«Nourivit FKE-niň» düzümine malwa, narpyz hem-de şalfeý ýaly fermentirlenen otlar bilen baýlaşdyrylan mikroorganizmler (esasan-da süýtturşy bakteriýalar) girýär. Nourivit FKE probiotikleri öý haýwanlarynyň içege florasyna oňyn täsir edýär, immunitetini, agram görkezijilerini ýokarlandyrmak bilen, süýdüniň öndürijiligini artdyrýar.

«Nourivit FKE» goşundysynyň täsirliligi onuň peýdaly aýratynlyklaryna göz ýetiren türkmen maldarlary tarapyndan subut edildi. Has takygy, Ak bugdaý etrabynyň «Magtymguly Guş toplumy» fermasynda «Nourivit FKE» goşundysynyň peýdalanylmagy netijesinde guşlaryň ölüm derejesini üç esse — gije-gündiziň dowamynda 10-12-den 3-4 guşa çenli azaltmak başartdy.

Gökdepe etrabyndaky «Maksada Okgunly» fermasynda hindi towugynda bäş aýlyk synag geçirilip, onda guşlaryň ketegi iki sany gözegçilik bölegine bölündi: guşlaryň bir bölegine «Nourivit FKE» goşundysy berildi, beýleki bölegine bolsa bu goşundy berilmedi. Netijede, iýmit siňdiriş ulgamynyň has gowulaşmagy we immunitetiniň ýokarlanmagy sebäpli, bu goşundy bilen ideg edilen hindi towuklarynyň ölüm derejesi 2 esse peseldi, şeýle-de olaryň agramy hem ýokarlandy (takmynan 3,5% tiz).

«Nourivit FKE» iri şahly mallara hem edil şonuň ýaly derejede peýdaly täsir edýär. Bu babatda bolsa Mary welaýatynda ýerleşýän «Ýumak» sygyr fermasynyň Holşteýn tohumly sygyrlarynda synag geçirildi. Synag etmek üçin 215 sany süýtli sygyr saýlanyp, olar bir aýlap «Nourivit FKE» goşundysynyň goşulmagy bilen iýmitlendirildi. Netijede, ähli sygyrlaryň iýmit siňdiriş ulgamy we içegeleriniň ýagdaýy (çişmek, iýmit siňdirilmezlik we ş.m.) ep-esli gowulaşdy.

Ahal we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän hojalyklarda hem «Nourivit FKE» goşundylarynyň peýdalanylmagy oňyn netijeleri berdi: sygyrlaryň süýt berişiniň möçberi her günde ortaça 8-10 litr artdy, guşçulykda bolsa guşlaryň ölüm derejesi tas nola deň boldy.

Öndürijiniň pikirine görä, «Nourivit» goşundylary beýleki öý haýwanlaryna-da — mysal üçin, itlere we pişiklere hem peýdaly bolup, olaryň ýüňüniň ýagdaýyny gowulandyrýar, sagdynlygyna we özüni oňat duýşuna peýdaly täsir edýär.

«Nourivit» haryt nyşanly önümleriň dürli hili görnüşleri we olaryň peýdaly aýratynlyklary bilen kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysynyň ofisinden tanyşmak bolýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, «Watan» daýhan birleşigi, Mebel toplumy, 16-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 61) 17 82 43 we (+993 65) 81 77 60.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň