Soňky habarlar

Arhiw

«Nourivit» önümleri hasylyň ýokary netijeliligini we öý haýwanlarynyň sagdynlygyny üpjün edýär

12:4123.07.2022
0
9915

Awstriýanyň «Nourivit Technologies GmbH» kompaniýasynyň resmi paýlaýjysy Türkmenistanyň maldarlary we kärendeçi daýhanlary üçin ösümlik hasylyny artdyrýan, zyýankeşlere garşy durnuklylygy üpjün edýän, şeýle hem mallaryň we guşlaryň immunitetini ýokarlandyrmaga niýetlenen ýokary hilli organiki goşundylary hödürleýär.

«Nourivit Technologies GmbH» kompaniýasy adamlaryň hem-de haýwanlaryň saglygy üçin zyýansyz, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýär. Kompaniýanyň önümleri Ýewropa sebitinde himiki-mineral dökünleriň we pestisidleriň ulanylmagy gadagan edilen eko we bio fermalarynda peýdalanmak babatda ykrar edilen hem-de tassyklanandyr. «Nourivit» önümleriniň düzüminde topragyň hasyllylygyna, gumusyň emele gelmegine, ekinleriň kadaly ösmegine peýdaly bakteriýalar bar. «Nourivit» haýwanlaryň we guşlaryň iýmit siňdirişini gowulandyrmak bilen, iýmiň has gowy siňmegine ýardam edýär, haýwanlarda dartgynlylygy peseldýär we immunitet ulgamynyň işini çaltlaşdyrýar.

«Nourivit» önümleriniň hataryna şu hili goşundylar girýär:

  1. Ösümlikleriň ähli görnüşleri üçin dökünler we ösüş stimulýatorlary. «Nourivit» önümleri ähliumumy häsiýete eýe bolup, islendik ekinler üçin peýdalydyr. Bu täsirli goşundylar ekin ekmek, suwaryş, kompost önümçiligi, tohum, şeýle hem ösümligiň ösüş möwsüminde ýapraklary bejermek üçin ulanylýar;
  2. Kömelek kesellerine garşy biostimulýatorlar — Valibiotics. Bu önümler oba hojalyk ekinleriniň tebigy goragyny üpjün edýär, immunitet ulgamyny tiz güýçlendirýär, şeýle-de ösümligi fuzarioz, peronospora, oidium we ş.m. ýaly giň ýaýran kömelek kesellerinden goraýar.
  3. «Nourivit» maldarçylyk we guşçulyk fermalary üçin hem örän täsirli goşundylary özünde jemleýär. Bu babatda kompaniýanyň probiotik goşundylary haýwanlaryň immunitetini ýokarlandyrýar, iýmit siňdirişini gowulandyrýar, dartgynlylygy ýeterlik derejede peseldýär hem-de mallardan alynýan süýdüň mukdaryny artdyrýar. Şol sanda umumy gurşawlar üçin niýetlenen serişde bolsa patogen mikroblaryny azaldýar, ýakymsyz yslary ýok edýär we gurşawyň umumy gigiýenasyny gowulandyrýar.

«Nourivit» kompaniýasynyň önümleri bilen has giňişleýin tanyşmak üçin (+993 61) 17 82 43 we (+993 61) 17 82 34 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýa-da şu salgy boýunça resmi paýlaýja ýüz tutup bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, «Watan» daýhan birleşigi, Mebel toplumy, 16-njy jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň