Soňky habarlar

Arhiw

«Nourivit Technologies» tebigy goşundylary gowaça we beýleki ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýar

09:3808.10.2022
0
12864

Awstriýanyň «Nourivit Technologies GmbH» kompaniýasynyň paýlaýjysy Türkmenistanyň kärendeçilerine daýhan hojalyklaryna dürli hili görnüşli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlanmaga ýardam edýän kalsiý karbonatyna esaslanýan tebigy goşundylardan peýdalanmagy hödürleýär. «Nourivit Plus» mikroorganizmleri bilen utgaşdyrylyp ulanylanda tebigy mineral goşundylar ekinleriň netijeliligini hat-da ýaramaz toprak şertlerinde-de örän ýokarlandyrýar.

Goşundylaryň netijesini bolsa Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Doganlar nesli» daýhan birleşiginden hem aýdyň görmek bolýar. Bu ugurda 38 ýyllyk tejribesi bolan agronom Gadam Abdullaýewiň bellemegine görä, «Nourivit Plus» we «Nourivit kalsiý karbonatyň» goşulmagy netijesinde gowaçalaryň boýy iki esse ýokarlanýar. Adatça, gowaçalar 5-6 aýyň dowamynda 60-70 sm derejede ösýän bolsa, bu goşundylaryň ulanylmagy bilen gowaçalar şol möhletde 1,2 — 1,5 metr derejede boý alýar. Munuň netijesinde bolsa hasyly adatdakydan ortaça 1000 kilogram köp almak bolýar.

«Nourivit» tebigy goşundylarynyň ekinlerde ulanylmagy ösümlikleriň wegetatiw döwrüni (ösüş döwri) gysgaldyp, guraklyga durumlylygyny we zyýankeşlere garşy täsirini ýokarlandyrýar, hasyllylygy artdyrýar.

«Nourivit» önümleri barada has giňişleýin kompaniýanyň Türkmenistandaky şu salgyda ýerleşýän paýlaýjysyndan almak bolýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, «Watan» daýhan birleşigi, Mebel toplumy, 16-njy jaý. Telefon belgileri: (+993 61) 17 82 43 we (+993) 17 82 34.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň