Soňky habarlar

Arhiw

«Stella» kompaniýasynyň Türkmenistandaky paýlaýjysy öýleri MDF konsollary bilen bezemegi teklip edýär

11:5001.11.2022
0
20372

Plastikden we MDF materialyndan taýýar önümleri öndürýän «Stella» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy agajy gaýtadan işlenip alynýan MDF materialyndan ýasalan dürli görnüşli bezeg konsol ekranlaryny hödürleýär.

«Stella» haryt nyşanly konsollar gülleri, şeýle-de fotosuratlar, küýzeler, heýkeljikler we ş.m interýer bezeglerini goýmak üçin ykjam hem-de döwrebap stollaryň hyzmatyny ýerine ýetirip biler. Mundan başga-da, olary ýyladyjy peçleriň öňünde goýmak bilen ajaýyp bezegi döredip bolar. Konsollar ýatylýan otagda, myhman jaýda, dälizlerde goýulýar, aýratynam olar göwrüminiň kiçiligi üçin dar ýerlere özboluşly gelşik berýär.

MDF — bu örän berk, ýeňil hem-de beýleki agaç materiallary bilen deňeşdirilende bahasy babatda amatlydyr.

Konsollaryň göwnüňize laýyk görnüşini saýlamak we «Stellanyň» beýleki haryt görnüşleri bilen tanyşmak üçin kompaniýanyň resmi paýlaýjysynyň Aşgabatda ýerleşýän şu dükanlaryna baryp bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygy, Blok A, 106-njy dükan, iş wagty — sagat 9:00-dan 18:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+ 993 65) 68 62 52;
  • Aşgabat ş., Berkarar SDAM, 0-njy gat, A46b «Görk» dükany, iş wagty — sagat 10:00-dan 20:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 12) 46 81 04, (+993 64) 92 18 81;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, E Blok, №37, №38, №39 dükanlar. Telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+993 65) 68 62 52.

Bulardan başga hem, paýlaýjynyň ýurduň beýleki welaýatlarynda hem söwda nokatlary bardyr:

  • Türkmenbaşy ş., 69-njy kwartal, «Nurly» market. Telefon belgileri: (+993 65) 17 26 00;
  • Balkanabat ş., Garaşsyzlyk köçesi, 212-nji kwartal, «Şanly bedew» dükany, iş wagty — sagat 9:00-dan 19:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 63) 87 95 25;
  • Hazar ş., Täze bazar, «Öý bezegler» dükany, iş wagty — sagat 9:00-dan 19:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 65) 43 42 42.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň