Top.Mail.Ru

Türkmen telekeçisi ýörite lybaslary we hünär egin-eşiklerini tikmek hyzmatyny hödürleýär

11:5307.10.2022
0
15638

Telekeçi Umida Kadyrowanyň dizaýnerlik eşikleriniň salony tans geýimlerini, sahna eşiklerini, şeýle hem ýörite lybaslary we hünär egin-eşiklerini tikmek hyzmatyny hödürleýär.

Salon 2008-nji ýyldan bäri «Näzli», «Aşgabat», «Laçyn», «Ak Pamyk», «Gwozdika», «Şatlyk» ýaly Türkmenistanda tanymal tans toparlary, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynyň häkimlikleriniň tans toparlary we birnäçe türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Salonda müşderileriň ertekilerden, gadymy taryhdan we uzak gelejekden ajaýyp şekilleri janlandyrmaga degişli eşikleriň tikilmegi bilen baglanyşykly islegleri göz öňünde tutulýar.

Salonyň işgärleri möwsümiň üýtgemegine nähili taýýarlanmalydygy, dabaraly çärä ýygnanmalydygy, işgärlere özboluşly lybas geýdirmek, artistler we tansçylar üçin ýörite eşikleri saýlamak barada teklip bererler.

Umida Kadyrowanyň salonynda taýýarlanan lybas diňe bir daşky görnüşi boýunça özüne çekiji bolman, eýsem, açyk ýerde işleýän işgärleriň saglygy barada hem alada etmäge mümkinçilik berer. Olar üçin sowukdan goraýan we gyşda uzak wagtlap daşarda bolmaga mümkinçilik berýän ýylylandyrylan ýörite lybaslar tikilýär.

Salonda geýimler tikilende Türkiýede, BAE-de, Hytaýda we beýleki ýurtlarda öndürilýän matalaryň dürli görnüşi ulanylýar. Hökmany ýagdaýda Türkmenistanda öndürilýän keteni, panbarhat, taro we beýlekiler ýaly milli matalar hem ulanylýar.

Geýim sargyt edilende hususy şertnama baglaşylýar. Müşderileriň haýyşy boýunça salon hil şahadatnamalaryny we ygtyýarnamalaryny berýär. Şertnama laýyklykda, töleg nagt görnüşinde hem, nagt däl hasaplaşyk görnüşinde hem amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Salgysy: Andalyp (Mir) köç,. 6-njy jaý; Ankara köç., 27-nji jaý. Telefonlar: 96 62 21, (+993 65) 68 62 18, (+993 65) 68 62 52.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň