Türkmenistanyň bazarynda 2012-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Meshhur interiors» salony otagy dokma önümleri bilen bezemek hyzmatyny ýerine ýetirýär, onuň hususy müşderiler bilen bolşy ýaly, myhmanhana toplumlary bilen hem işleşmekde baý iş tejribesi bardyr.
Salon hususy perde görnüşlerini, krowatlar we diwanlar üçin örtgüleri, bezeg ýassyklaryny, oturgyçlar üçin daşlyklary, islendik görnüşdäki desmallary we saçaklary (skatert) taýýarlamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Olar taýýarlananda diňe türk öndürijileriniň berk we peýdalanmak üçin ýeňil matalary ulanylýar.
Salonyň dizaýnerleri islendik gurluşly we görnüşli matalaryň dürli reňklilerini hem-debaý toplumlaryny hödürleýärler, şol sanda ýeňil matalar; mikrowual, şifon, tor, kendir wual; şeýle-de syk matalar: kanwas, mahmal, «Mereşko» kendiri, atlas, gobelen we beýlekiler. Perdeler we tutular üçin matalaryň şeýle köpdürli görnüşleri nusgawy, döwrebap, ampir, ar-deko, haý-tek ýaly köp sanly görnüşlere (stillere) gönüden-göni gabat gelýär.
Salonyň hünärmenleri otagyň görnüşini we ähli detallaryny (perdeler, mebel, aksessuarlar) göz öňünde tutmak bilen, ýaşaýyş ýa-da iş otagynyň penjirelerini bezemek boýunça iň batyrgaý pikirleriňizi durmuşa geçirmäge ýardam ederler we ähli zatlaryň biri-biri bilen utgaşykly sazlaşygyny emele getirerler. Belli bir dizaýny ýa-da matany saýlamakda heniz anyk netijä gelip bilmedik müşderiler «Meshhur interiors» salonynyň sergiler otagyna gelip, bu ýerdäki taýyn nusgalardan ylham alyp bilerler.
Sargydy resmileşdirmek örän aňsatdyr. Diňe talapnama ibermek ýeterlikdir, şeýlelikde müşderi üçin amatly wagtda salonyň hünärmenleri çagyrylan ýere gelerler. Olar ölçeg we balangyç hasaplama işlerini mugt amala aşyrarlar, ondan soňra perdeleriň dizaýn taslamasy işlenip düzüler we işiň deslapky nyrhy kesgitlener.
Eger müşderi taslama we hödürlenen çyzgylar bilen razylaşsa, özara şertnama baglaşylýar. Sargyt tikilenden soňra «Meshhur interiors» salony eltip bermek hyzmatyny, karnizleri çalyşmak, öňünden ütüklenen perdeleri ýa-da tutulary taýyn edip asmak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.
Her işiň nyrhy materiala we tikilişiniň çylşyrymlylygyna baglylykda, aýratynlykda kesgitlenýär. Häzirki wagtda 4 we ondan köp penjire üçin perde ýa-da tuty sargyt eden müşderilere goşmaça sowgat hökmünde krowat üçin örtgi ýa-da ýassykly körpeçe toplumy hödürlenýär.
Habarlaşmak üçin:
- Salonyň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygy, «A» bina, 106-njy dükan.
- Telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+993 64) 43 47 00;
- Sosial ulgamlardaky sahypasy.