«Stella» Türkmenistanda otaglaryň görnüşine täze öwüşgin çaýmak üçin bezeg tagtalaryny hödürleýär

15:3206.09.2022
0
22369

MDF hem-de PWH önümlerini öndürýän Russiýanyň «Stella» zawodynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory islendik ýeriň dizaýnyna täzeçe öwüşgin çaýmaga ukyply dürli ölçegli we reňkli bezeg tagtalaryny (reýkalaryny) hödürleýär.

Bezeg tagtalary (reýkalary) potoloklary has beýik, diwarlary bolsa has giň görkezýär. Olar islendik otagyň özboluşlylygyny artdyrarlar we myhmanlaryň ünsüni çekerler.

«Stella» MDF-den – ekologiýa taýdan arassa we çagalar üçin howpsuz materialdan owradylan agaç fraksiýasyny peýdalanmak bilen bezeg tagtalaryny (reýkalaryny) öndürýär. Adaty DSP bilen deňeşdirilende, MDF-den taýýarlanan tagtalar örän berkligi bilen tapawutlanýarlar, olar howanyň üýtgemegine çydamlydyrylar, heňe, kömejiklere we beýleki mikroorganizmlere garşy durnuklydyrlar.

«Stellanyň» MDF-den taýýarlanan tagtalaryny islendik maksat bilen peýdalanyp bilersiňiz. Meselem, olar otagyň içinde belli bir diwary ýa-da potology tapawutlandyryp bilerler, şeýle-de Gün şöhlesine böwet bolmazdan we giňişligi dar görkezmezden otagy böleklere bölüp bilerler.

Bezeg tagtalaryny özbaşdak ýerleşdirmek we bejermek aňsatdyr. Eger gurluşyň islendik bölegine zeper ýetse, ony kynçylyksyz täzesi bilen çalşyp bolýar.

Otaglary bezemek üçin islegiňize görä önümleri «Stellanyň» Aşgabatdaky, Türkmenbaşydaky, Balkanabatdaky we Hazar şäherindäki resmi distribýutorynyň dükanlaryndan saýlap alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş., Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygy, «A» bina, 106-njy dükan, iş wagty sagat 9:00-dan 18:00-a çenli, tel: (+993 65) 68 62 18, (+ 993 65) 68 62 52;
  • Aşgabat ş., «Berkarar» söwda merkezi, ýerzemin gaty, A46b «Görk» dükany, iş wagty sagat 10:00-dan 20:00-a çenli, telefon belgileri: (+993 12) 46 81 04, (+993 64) 92 18 81;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, «E» bina, 37-nji, 38-nji, 39-njy dükanlar. Aragatnaşyk üçin telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+993 65) 68 62 52.
  • Türkmenbaşy ş., 69-njy ýaşaýyş toplumy, Nurly market. Telefon belgisi: (+993 65) 17 26 00.
  • Balkanabat ş., Garaşsyzlyk Şa ýoly köç., 212-nji ýaşaýyş toplumy, «Şanly Bedew» dükany, iş wagty sagat 9:00-dan 19:00-a çenli, (+993 63) 87 95 25;
  • Hazar ş., Täze Bazar, «Öý bezegler» dükany, iş wagty sagat 9:00-dan 19:00-a çenli, (+993 65) 43 42 42.
  • Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň