Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «Stella» kärhanasy MDF-paneller bilen öý bezegini has özboluşly etmäge ýardam edýär

14:2030.09.2022
0
23156

Russiýanyň «Stella» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy — Umyda Kadyrowa islendik gurşawy ajaýyp dizaýn bilen bezemäge mümkinçilik berýän MDF-panelleriň köp dürli görnüşlerini hödürleýär.

Bu material diňe tebigy agaç süýümlerinden ýasalyp, pol örtüklerini, potoloklary we diwarlary özbaşdak bölüp işlemekde peýdalanylýar. Tejribeli dizaýnerler olary köplenç halatda bezemek bilen eýýäm taýýar duran ýerleri has-da owadan şekile getirmek üçin ulanýarlar.

«Stella» kompaniýasynyň bezeglik MDF-panelleri islendik material bilen utgaşykly bolup, her bir interýeriň özboluşlylygyna laýyk gelýär. Bu önümleriň görnüşleriniň köpdürli reňklerde bolmagy interýer dizaýnynyň köpüsine kybap gelýär. Diwarlar üçin peýdalanmakda MDF-paneller ýatylýan otagda, aşhanada, zallarda we myhman otaglarynda, girelgelerde, wanna otaglarynda hem-de ofis gurşawlarynda ulanylyp bilner.

MDF-panelleriň özboluşly aýratynlygy diýip olaryň ýokary derejede ses izolýasiýasyny bellemek bolar. Bu bolsa otaglaryň arasynda sesleriň eşidilmezligi üçin oňaýlydyr. Bu önümler çydamly we temperaturanyň aşa pese düşmegine hem durnukly bolup, dürli gyşarmalaryň emele gelmeginden we päsgelçiliklere sezewar bolmakdan daşdadyr.

Tebigy agaçdan ýasalmak bilen, MDF-panelleri ekologiýa taýdan arassadyr hem-de öý şertinde olar sagdyn mikroklimaty saklamaga ukyplydyr. Mundan başga-da, olar uzak möhlete hyzmat edýändigi bilen tapawutlanyp, adaty abatlaýyş işleriniň geçirilen ýagdaýynda MDF-panelleri onlarça ýyllap hem daşky durkuny ýitirmeýär.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • Aşgabat ş., Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygy, Blok A, 106-njy dükan, iş wagty — sagat 9:00-dan 18:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+ 993 65) 68 62 52;
  • Aşgabat ş., Berkarar SDAM, 0-njy gat, A46b «Görk» dükany, iş wagty — sagat 10:00-dan 20:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 12) 46 81 04, (+993 64) 92 18 81;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, E Blok, №37, №38, №39 dükanlar. Telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+993 65) 68 62 52;
  • Türkmenbaşy ş., 69-njy kwartal, «Nurly» market. Telefon belgileri: (+993 65) 17 26 00;
  • Balkanabat ş., Garaşsyzlyk köçesi, 212-nji kwartal, «Şanly bedew» dükany, iş wagty — sagat 9:00-dan 19:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 63) 87 95 25;
  • Hazar ş., Täze bazar, «Öý bezegler» dükany, iş wagty — sagat 9:00-dan 19:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 65) 43 42 42.
  • Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň