Russiýanyň «Stella» haryt nyşany Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy

11:0120.09.2022
0
23605

Şu günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň sergisi geçirilýär. Sergide Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlet we hususy pudaklarynyň köp sanly wekilleri – döwlet korporasiýalary, ministrlikler, edaralar, guramalar, şeýle hem kompaniýalar, hususy kärhanalar, hojalyk birleşikleri öz önümlerini ýerleşdirdiler.

Sergä gatnaşyjylaryň biri hem MDF hem-de PWH-den bezeg tagtalaryny (reýkalary), diwar we potolok panellerini öndürýän Russiýanyň «Stella» kompaniýasynyň resmi distribýutorydyr.

«Stella» haryt nyşanynyň Türkmenistandaky resmi wekili, telekeçi Umida Kadyrowa «Turkmenportalyň» habarçysyna bu serginiň «Stellanyň» öz önümlerini tanyşdyran ilkinji sergisi däldigini habar berdi. Ondan öň kompaniýa şu tomusda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energiýasy – 2022» atly halkara sergä hem gatnaşypdy.

Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergide «Stella» radiatorlar üçin reýkalary we ekranlary, diwarlar we potoloklar üçin panelleri, MDF hem-de PWH-den etek tagtalaryny (plintuslary) tanyşdyrdy.

Şeýle-de «Stellanyň» distribýutory haryt nyşanynyň önümleri bilen sosial ulgamdaky sahypada ýa-da Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän «A» binadaky 106-njy dükanda sagat 9:00-dan 18:00-a çenli tanyşmagy teklip edýär. Telefonlar: (+993 65) 68 62 18 we (+993 65) 68 62 52.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň