Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Meshhur interiors» — özbaşdak taýýarlanylýan tutulary satyn almagyň tapawutlylygy

09:4314.10.2022
0
14672

Dokma dizaýny — bu eýýäm sungatyň aýratyn bir şahasy bolup, özünde diňe bir sargyt esasynda tutulary tikmek işini däl-de, eýsem krowatlar we diwanlar üçin örtük matalaryny, owadan ýassyklary, stullar üçin daşlyklary we başga-da dürli senetçilik dokma işlerini özünde jemleýär.

Bu dizaýnyň häzirki röwüşine eýe bolan «Meshhur interiors» ýöriteleşdirilen salonynyň göwnejaý tutularyny satyn almak islendik alyjy üçin özüniň oňaýly taraplary bilen tapawutlydyr.

Ilkinji nobatda, müşderä dükanyň tejribeli hünärmenleri degerli maslahatlary berýärler. Ikinjiden bolsa, özbaşdak sargyt edilýän tutular müşderiniň islegine laýyklykda jikme-jik gyzyklanylyp tikilýär. Şunuň bilenem, onuň asylmaly ýeri doly nazarda tutulýar.

Dizaýnerler ölçegi kadaly ýa-da adaty bolmadyk aýnalar üçin-de laýyk gelýän tutulary taýýarlaýarlar. Bir stilde we reňkdarlykda dürli hili goşmaça aksessuarlar hem taýýar edilýär, mysal üçin: ýassyklar, ýalynjalar, skatertler, süpürgiçler we ş.m.

Sargyt etmek üçin bolsa degişli salgyda arza goýmak ýeterlikdir.

Birinji tapgyrda dükanyň hünärmenleri tölegsiz ölçegi alýarlar we ilkinji hasaplary maslahatlaşýarlar. Soňra bolsa tutularyň dizaýny işlenip taýýarlanylýar we deslapky baha kesgitlenilýär. Bu ýerde sargyt edilýän harydyň bahasy ýerine ýetirilýän her bir işiň materialyna we kynçylygyna baglydyr. Şonuň üçin-de tutulara aýratynlykda baha kesilýär.

Müşderiniň isleglerine laýyk gelýän ölçeg alnandan soň, şahsy şertnama baglaşylýar. Tutulary taýýar edeninden soňra bolsa «Meshhur interiors» salony eltip bermek, montaž we demontaž işlerini, şeýle-de tutulary asyp bermek işlerini ýerine ýetirip berýär.

Hünärmenler şeýle-de döredijilikli ideýalary öýüň hem-de aýnalaryň dizaýnyna laýyklykda amala aşyrmaga, otaglara bu babatda kybap geljek dizaýny we matalary saýlamakda maslahatlaryny gaýgyrmaýarlar.

Bulardan başga hem, hakyky bezegleriň taýýar nusgalary bilen «Meshhur interiors» şowrumyndan tanyşmak bolýar. Salona barmak bilen müşderiler ýetirilýän önümler barada has içgin gyzyklanyp bilerler.

Salonyň haryt görnüşlerinden tutulary tikmekde haýran galdyryjy, islendik interýere laýyk gelýän dürli hili dokma önümlerini görmek bolýar.

Olardan köpdürli reňkdäki, mikrowual, şifon, gözenek, len wual ýaly dürli çyzgyly mata görnüşlerini, şeýle-de kanwas, mahmal, «Mereşko» leni, atlaz we gobelen ýaly berk matalary bellemek bolar. Tutular tikilende berkligi we oňaýlylygy bilen tapawutlanýan türk haryt nyşanly matalar peýdalanylýar.

«Meshhur interiors» salonynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Oguz han hem-de Ankara köçeleriniň çatrygy, A blogy, 106-njy dükan.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+993 64) 43 47 00.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň