Soňky habarlar

Arhiw

Noýabr aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?

22:1928.10.2022
0
18235

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurtda şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baýramçylyklar we şanly wakalar mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, konsertleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dürli sport ýaryşlaryny, uniwersiadalary we spartakiadalary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Noýabr aýynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2022» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler.

Aşgabatda we welaýatlarda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Noýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar.

«Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi noýabrda geçiriljek halkara çäreleriň hataryndadyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, noýabr aýynda boljak baýramçylyk dabaralarynyň, beýleki medeni çäreleriň türkmen jemgyýetiniň depginli ösüşindäki ähmiýetini belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany bu çäreleriň her biriniň özünde watançylyk duýgularyny we ahlak gymmatlyklaryny jemlemelidigini, milli medeni däpler we bu ugurdaky innowasiýalar bilen sazlaşmak arkaly ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň