Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

21:4928.10.2022
0
22160
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde ilki bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ýurduň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu mesele boýunça geçirilen mejlisdäki hem-de iş maslahatyndaky ara alyp maslahatlaşmalar, milli parlamentiň işinde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilişi barada-da aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary ösdürmek, olarda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Mejlisde döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Navoiy Milling» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň arasynda fosforit ununy satyn almak barada Şertnama baglaşmak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyny mineral dökünler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň hem-de himiýa önümçilikleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli Karara gol çekdi. Resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýer Ç.Purçekowa iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de mejlisde döwlet Baştutanynyň garamagyna Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan Şertnama goşmaça ylalaşygy baglaşmak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň